Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle, çünki adamlar meni depgileýärler; duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.
2Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler, çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!
3Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.
4Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
5Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.
6Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar.
7Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka? Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!
8Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?
9Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär; bilýärin: Hudaý – tarapdarymdyr.
10Hudaýa–wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
11Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
12Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin, Saňa şükür gurbanlaryny hödür ederin.
13Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň; ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly, Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.