Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et, çünki meniň janym Saňa sygynýar. Men bela-beter geçip gidýänçä, Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek.
2Men çagyraryn Beýik Hudaýy – men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.
3Ol gökden kömek iberip, meni halas eder, maňa sütem edýäni utanja goýar. Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.
4Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili.
5Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
6Olar ädimlerime duzak gurdular – gaýgydan ýaňa bilim büküldi. Olar öňümde çukur gazdylar – ýöne özleri oňa düşdüler.
7Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmazdyr meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
8Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem kinor! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
9Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin. Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
10Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.
11Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!