Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Eý, hökümdarlar, dogrudan-da, adalatly kazylyk edýäňizmi? Siz ynsan ogullaryna ýüz görmezden höküm çykarýaňyzmy?
2Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz, elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.
3Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.
4Olar alahöwren ýaly zäherlidirler.
5Olar ökde jadygöýüň ýa-da owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.
6Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini, ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.
7Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin, oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.
8Goý, eräp giden balykgulak dek bolsun, aýalyň düşen çagasy dek, güneş görmesin.
9Olar böwürslen dek tiken çykarmankalar, gök bolsun, gury bolsun, goý, tüweleý äkitsin.
10Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar, erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.
11Ynsan diýer: «Dogrudan-da, dogry ynsana sylag bar eken! Dogrudan-da, dünýä kazylyk edýän Hudaý bar eken!»