Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Eý, Hudaýym, halas et meni ýagylarymdan, gora meniň garşyma baş galdyrýanlardan.
2Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar, ganhorlardan meni halas et.
3Ine, olar meni öldürmek üçin bukuda ýatýar, güýçlüler maňa garşy dil birikdirýär, ýogsa ýazygym-da, günäm-de ýok, ýa Reb!
4Etmişim bolmasa-da, maňa hüjüm etmäge olar howlugýar, maňa kömek etmek üçin oýan we seret!
5Eý, Hökmürowan Beýik Hudaý, Sen Ysraýylyň Hudaýy! Galk Sen ähli milletlere jeza bermeklik üçin, haýyn betpälleriň hiç birine Sen rehim etme. Sela
6Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
7Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.
8Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň, ähli milletleri masgaralaýaň.
9Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.
10Hudaýym wepaly söýgüsi bilen meni garşylar, maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.
11Eý, galkanymyz Taňry! Olary öldürme, ýogsa halkym unudar, olary Öz gudratyň bilen dargat-da, dyzyna çöker.
12Olar agyzlarynyň günäsi üçin, dilleriniň sözleri üçin, aýdýan gargyşlary, ýalan sözleri üçin, tekepbirliklerine, goý, özleri çolaşsyn.
13Sen gazabyňda ýok et olary, tä tükenýänçäler ýok et olary. Goý, mälim bolsun: Hudaý Ysraýylyň we tutuş ýer ýüzüniň Hojaýynydyr. Sela
14Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
15Olar iýmit gözläp eýläk-beýläk urunýar, garynlary doýmasa, hyňranyşýar.
16Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn, ir säherde wepaly söýgiň hakda nagma aýdaryn. Çünki Sen maňa berkitme bolduň, muşakgatly günde Sen penam bolduň.
17Eý, Güýjüm, men Saňa nagma aýdaryn, çünki, eý, Hudaý, meniň berkitmäm – Sensiň. Sen meni wepalylyk bilen söýýän Hudaýsyň.