Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň, gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!
2Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň, ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.
3Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy, bize entediji şerap içirdiň.
4Oklardan gutulyp bileri ýaly, Özüňden gorkýanlara Sen nyşan berdiň. Sela
5Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, bize jogap ber.
6Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.
7Gilgat Meniňki, Manaşe Meniňki, Efraýym–tuwulgam, Ýahuda–patyşalyk hasam.
8Mowap–ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
9Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?
10Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret etmediňmi? Eý, Hudaý, goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
11Duşmanlarymyza garşy bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
12Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.