Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy hem-de diňle meniň dogamy.
2Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.
3Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň.
4Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela
5Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň, Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy Sen maňa berdiň.
6Şa ömrüniň günlerine günler goş, günlerini uzalt nesilden-nesle!
7Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn, söýgi bilen wepadarlyk ber, goý, olar ony gorasyn!
8Günde berjaý edip kasamlarymy, Seniň adyňa nagma aýdaryn baky.