Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.
2Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.
3Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman: olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär, men olar üçin gyşyran diwar, çagşan haýat dek.
4Olaryň bar niýeti–meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela
5Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym.
6Ol–ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: yranmaryn men.
7Hudaýdadyr gutulyşym hem-de şöhratym, Hudaýdadyr mäkäm gaýam we meniň penam.
8Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela
9Ynsanlar biderek zatdyr, ynsan ogullary bir ýalan zatdyr. Olaryň hemmesini terezä goýsaň, howadan hem ýeňil bolar olaň agramy.
10Talaňçylyga siz bil baglamaň, ogurlyga umyt baglamaň, baýlyk artsa, oňa kalbyňyz bermäň.
11Hudaý maňa aýtdy, men gaýta-gaýta eşitdim muny: gudrat – Hudaýdadyr.
12Ýa Taňry, wepaly söýgi Seniňkidir, Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň.