Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim.
2Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin, Mukaddes öýüňde Saňa seretdim.
3Çünki Seniň wepaly söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.
4Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.
5Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,
6janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Seni şöhratlandyrýar.
7Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.
8Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.
9Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.
10Olar gylyjyň zarbyna berler, şagallara şam bolar olar.
11Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.