Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Eý, tutuş ýer ýüzündäki ynsanlar! Hudaýa heşelle kakyň.
2Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.
3Hudaýa diýiň: «Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly! Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa duşmanlaryň boýun bolýarlar Saňa.
4Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela
5Gelip görüň Hudaýyň edenlerini: Ol ynsanlar arasynda edýän işlerinde haýbatly.
6Ol deňzi gury ýere öwürdi; olar derýadan pyýada geçdi; Onuň şol ýerde edenlerine şatlandyk.
7Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi, milletlere garaýar Onuň gözleri; goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela
8Eý, halklar, Hudaýymyza alkyşlar aýdyň; Oňa aýdýan alkyşlaryňyz ýaňlansyn.
9Ol bizi aman galdyrdy, aýagymyzy büdremekden saklady.
10Eý, Hudaý, Sen bizi synap barladyň, kümşüň arassalanyşy dek bizi sapladyň.
11Sen bizi duzaga saldyň, arkamyza muşakgatlar ýüklediň.
12Başymyzy ynsanlaryň aýak astyna saldyň; biz otdan geçdik, suwlardan geçdik, ahyrsoňy giň ýere bizi çykardyň.
13Men ýakma gurbanlar bilen öýüňe baryp, Saňa eden kasamlarymy berjaý ederin.
14Bu wadalary kynçylyga duçar bolamda, dilim sözläp, agzym kasam edipdi.
15Saňa gurbanlyk goçlaryň tüssesi bilen semiz mallardan ýakma gurbanlary hödür ederin; öküzleri, goçlary Saňa gurban ederin. Sela
16Eý, Hudaýdan gorkýanlar, geliň-de, diňläň! Onuň meniň üçin edenlerini aýdyp bereýin.
17Men Oňa dat-perýat etdim, dilim bilen Ony beýgeltdim.
18Eger ýüregimde günä bolsady, onda Taňry maňa gulak goýmazdy.
19Emma Hudaý meni eşitdi, dogamyň sözlerine Ol dykgat berdi.
20Goý, Hudaýa alkyş aýdylsyn, çünki meniň dogamy Ol ret etmedi, menden wepaly söýgüsini Ol gaýgyrmady.