Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Eý, Hudaý, Sen mynasypsyň Siýondaky alkyşa, Saňa berlen kasamlar berjaý ediler.
2Sensiň doga-dilegleri eşidýän, ähli ynsanlar Saňa gelerler.
3Günäler götererden juda çökder bolanda, Sen olary bagyşlaýarsyň.
4Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň – Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly! Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň ýagşylygyndan doýaly.
5Eý, bizi halas eýleýän Hudaý! Gutulyşyň gudratly işlerini görkezmek bilen, Sen biziň dogalarymyza jogap berýärsiň. Ýeriň dört künjüniň, ummanyň aňyrsynda ýaşaýanlaryň umydy – Sensiň.
6Sen Öz kuwwatyňy guşandyň hem-de daglary berkarar etdiň.
7Deňizleriň tupan-harasadyny, onuň tolkunlarynyň güwwüldisini, halklaryň tolgunmasyny ýatyrýan Sensiň.
8Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.
9Sen ýeriň aladasyny edýärsiň – ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň; bol suwly derýalar arkaly halkyň gallasyny üpjün edýärsiň; sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň.
10Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň, onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň, ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň, onuň hasylyny bereketleýärsiň.
11Sen Öz jomartlygyňy ýyla jyga edip geýdirýärsiň, geçen ýerleriňden bolçulyk joşýar.
12Dolup-daşýar çöl örüleri, baýyrlar hem şatlyk guşanýar.
13Örüler sürülere beslenýär, dereler hem galla bürenýär, olar joşup aýdymlar aýdýar.