Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
35 verses
1Hudaý galkar, duşmanlary dargadar, Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.
2Sen olary dagadarsyň tüssäniň dagaýşy kimin, mumuň otda ereýşi kimin. Hudaýyň öňünden erbetler ýok bolar.
3Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar, Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar, begençden ýaňa heşelle kakar.
4Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň.
5Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý – ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary.
6Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.
7Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde, çöl-beýewanda gadam uraňda,
8Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde – Ysraýyl Hudaýynyň öňünde zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy.
9Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň, saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň.
10Seniň halkyň şol toprakda ýaşady. Eý, Hudaý, Öz ýagşylygyň sebäpli Sen ony mätäçlere taýynlap goýduň.
11Taňry buýruk berýär; ony jar edýän aýallar – ägirt bir goşun.
12Olar şeýle diýýär: «Goşunlaryň şalary gaçýar, ökje göterýär!» Öýde galan aýallar bolsa olja paýlaşýar.
13Olar ganatlary kümşe, ýelekleri sap altyna gaplanan kepderä meňzär. Eý, erkekler, jeň-söweş güni näme üçin ýatyrsyňyz agylda?
14Gudratygüýçli Salmon dagynda duşman şalary garly harasat kimin dargatdy.
15Eý, Başan dagy, Hudaýyň dagy, çür başlary köp bolan, eý, Başan dagy!
16Eý, çür başlary köp bolan daglar! Hudaýyň Öz mesgeni edip saýlan dagyna, ebedi mesgen tutjak dagyna neçün göriplik bilen seredýärsiňiz?
17Hudaýyň uruş arabalary sanardan köpdür, olaryň sany müňlerçe müňler. Taňry olaryň arasyndadyr, Ol Sinaý dagyndan mukaddes öýüne geldi.
18Sen ýokary belentlige çykanyňda, ýesirleri Öz yzyňa düşürdiň. Ynsanlardan, hatda bitabynlardan Sen, ýa Beýik Hudaý, paç-hyraç aldyň; Sen indi biziň aramyzda ýaşarsyň.
19Taňra alkyş bolsun! Ol her günki ýükümizi göterýär. Hudaý bizi halas eýleýär. Sela
20Hudaýymyz–halas eýleýän Hudaý, Hökmürowan Reb – ölümden gutaryp bilýär.
21Emma Hudaý duşmanlarynyň kellelerini, günäden el çekmeýänleriň uzyn saçly başlaryny kül-owram eder.
22Taňry şeýle diýdi: «Aýagyňy duşman ganyna batyrar ýaly, itleriň-de ondan öz paýyny ýalary ýaly,
23olary Başandan yzyna dolap, deňiz çuňlugyndan alyp çykaryn».
24Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň – Hudaýym – Patyşamyň mukaddes öýüne gelşi görünýär:
25öňden bagşylar, sazandalar–olaň yzyndan, deprek çalýan gyzlar aralarynda:
26Olar şeýle diýýär: «Eý, siz, Ysraýylyň bilinden önenler! Uly jemagatda Rebbe alkyşlar aýdyň».
27Öňden iň kiçileri bolan Benýamin barýar, mähellede Ýahudanyň şazadalary bar, Zebulun we Naftaly şazadalary bar,
28Hudaý öňden belläpdi güýç-kuwwatyňy, eý, Hudaý, biziň üçin edenleriňi Sen berkit!
29Iýerusalimdäki ybadathananyň hatyrasyna milletleriň şalary Saňa sowgat getirýär.
30Bu duşman milletlere temmi ber, olar gamyşlykdaky ýekegapanlar ýaly, sygyrlara aralaşan öküzler ýaly. Boýun egdir milletleri, goý, olar bize salgyt tölesin; uruşdan lezzet tapýan halklary dargat!
31Müsürden bürünçden ýasalan zatlar, goý, getirilsin, Hudaýa sowgat getirmek üçin Efiýop ýurdy, goý, alňasasyn.
32Eý, ýer ýüzündäki şalyklar! Hudaýa nagmalar aýdyň, Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne, alkyşlar aýdyň.
33Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär.
34Ykrar ediň: Güýç Hudaýyňkydyr, Onuň belentligi Ysraýylyň üstündedir, Onuň gudraty gökler üstündedir!
35Hudaý Öz mukaddes öýünde wehimlidir. Ysraýyl Hudaýy Öz halkyna güýç, kuwwat berýär. Alkyş bolsun, alkyş bolsun Hudaýa!