Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
35 verses
1Eý, Hudaý, meni halas et, çünki suwlar boýnuma ýetdi.
2Çuň batgalyga batyp barýaryn, aýagymy diremäge hiç ýer ýok. Çuň suwlara girdim, siller meni öz girdabyna saldy.
3Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.
4Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?
5Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meniň akmaklygym, Senden gizlin däldir meniň günälerim.
6Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli! Saňa umyt baglaýanlar men zerarly, goý, utanmasyn; Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar men zerarly, goý, uýalmasyn.
7Men doganlaryma gelmişek boldum, ejemiň ogullaryna keseki boldum.
8Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürdi, Saňa dil ýetirýänleriň gybaty başyma indi.
9Agyz bekläp, gözýaş döküp, ruhumy syndyranymda, bularyň bary maňa gyjalat boldy.
11July eşik edinenimde, olaryň agyz-diline düşdüm.
12Derwezede oturanlar meniň gybatym edýär, serhoşlar men barada aýdymlar düzýär.
13Ýa, Reb hoşamaýlyk et-de, dogamy eşit. Öz söýgiňe görä, halas ediş güýjüňiň wepalylygynda maňa jogap ber.
14Halas et, men batgalyga batmaýyn; meni ýigrenýänlerden, suwlaryň çuňlugyndan halas bolaýyn.
15Sil suwlary meni girdabyna salmasyn, çuňluk meni, goý, ýuwutmasyn, gabyr üstümden öz agzyny ýummasyn.
16Ýa Reb, maňa jogap ber, çünki Seniň wepaly söýgiň ýagşydyr; bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.
17Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!
18Maňa ýakynlaş hem-de halas et, duşmanlarymyň elinden meni azat et.
19Sen bilýärsiň men babatda aýdylýan ýaman gepleri, meniň utanjymy, betnamlygymy. Sen bilýärsiň ähli duşmanlarymy.
20Ryswalyk ýüregimi perişan etdi – men ruhdan düşdüm. Tessellä garaşdym, emma bolmady; göwünlik berjekleri agtardym, emma tapmadym.
21Olar nahar ýerine maňa öt berdi, suwsanymda sirke içirdi.
22Olara öz saçagy, goý, duzak bolsun, myhmanlary üçin bir gapan bolsun.
23Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, olar elmydama, goý, sandyrasyn.
24Olaryň üstüne Öz gazabyňy dök, gaharyňyň ody olaryň üstüne insin.
25Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn, çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.
26Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar, ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler.
27Sen olaryň jezasyna jeza goş, olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn.
28Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.
29Emma men bir mätäç, ejir çekýärin, eý, Hudaý, halas et we gora meni.
30Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.
31Bu has köp ýarar Rebbiň göwnüne şahly, toýnakly öküzden ýa-da bugadan.
32Pes göwünliler muny görüp begensin, eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.
33Çünki Reb mätäçleri eşidýär, Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.
34Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli janly-jandarlar.
35Çünki Hudaý halas eder Siýony, dikelder Ýahudanyň şäherlerini, olar ornaşyp, şol ýere eýelik ederler.
36Bendeleriniň zürýady ol ýeri miras alarlar, Onuň adyny söýýänler şol ýerde mesgen tutarlar.