Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Ýa Reb, men Seni pena edinýän, meni asla utanja goýma.
2Öz dogrulygyňda meni gutar, azat et, maňa gulak goý-da, meni halas et.
3Elmydama meni gizläp biläýjek, mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol. Halas bolmagymy Sen emr etdiň, çünki gaýam, berkitmäm Sensiň.
4Eý, Hudaýym, meni halas et erbediň elinden, adalatsyz bilen zalymyň penjelerinden.
5Çünki, eý, Hökmürowan, umydym Sensiň, Ýa Reb, ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň.
6Dünýä inenimden Saňa daýandym, Sen ejemiň göwresinden meni dünýä inderdiň; men Saňa dyngysyz alkyş aýdýaryn.
7Men köplere täsinlik bolup göründim, emma Sen mäkäm penamsyň.
8Saňa bolan alkyş düşmez dilimden, uzakly gün agzym doly şan-şöhratyňdan.
9Garrylyk çagymda meni taşlama, kuwwatdan düşenimde meni terk etme.
10Duşmanlarym men barada gürrüň edişýär, janymy aňtap, özara dil birikdirýär.
11Olar diýýär: «Hudaý ony taşlady, kowalap, tutuň siz ony. Ony halas etjek ýok indi».
12Eý, Hudaý, menden daşlaşma, eý, Hudaýym, tiz ýetiş meniň dadyma.
13Meniň ýagylarym utansyn, ýok bolup gitsin, maňa ýamanlygy niýet edýänler utanç bilen betnamlyga bürelsin.
14Men bolsa hemişe umyt baglaryn, Saňa alkyş üstüne alkyş aýdaryn.
15Dilim uzakly gün sözlär dogrulygyňy hem-de halas etmek üçin edýänleriňi; olaryň sany akyl ýetirerden kän.
16Men Hökmürowan Rebbiň gudratly güýji bilen gelerin, Seniň, diňe Seniň dogrulygyňy yglan ederin.
17Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň, men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin.
18Jar edýänçäm geljek nesle güýç–kuwwatyňy, indi doguljaklaryň ählisine Seniň güýjüňi, garrasam-da, başym çalarsa-da meni taşlama.
19Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär, Sen berjaý etdiň ägirt işleri. Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly?
20Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň, ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň, ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen.
21Beýgeldersiň meniň at-abraýymy, kalbyma berersiň Sen rahatlygy.
22Eý, Hudaýym, men arfada wepalylygyňy öwerin. Eý, Ysraýyl Mukaddesi, kinorda Saňa alkyş aýdaryn.
23Men Saňa nagma aýdanymda, dilim, halas bolan janym şatlyk bilen gygyrar.
24Dilim uzakly gün dogrulygyňy aýdar, çünki maňa ýamanlygy niýet edenler masgara bolup, utanja galdy.