Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan.
2Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn.
3Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin.
4Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin, mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin, zalymlary, goý, weýran etsin!
5Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn
6Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin, ýeri suwarýan çabgalar kimin.
7Onuň günlerinde adalatlyk güllesin. Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.
8Deňizden–deňze, Perat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli, goý, ol öz hökümini ýöretsin.
9Çölde ýaşaýanlar oňa baş egsin, duşmanlary, goý, toprak ýalasyn.
10Tarşyş şalary we deňiz ýakasyndakylar oňa paç-hyraç tölesin, Şeba we Saba şalary sowgat getirsin.
11Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin.
12Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da.
13Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär, ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar.
14Goraýar sütemden, zorlukdan olaryň janlaryny, nazarynda gymmatly olaryň gany.
15Patyşa, goý, uzak ýaşasyn! Şeba altynyndan oňa berilsin, onuň üçin elmydama doga okalsyn, uzakly gün oňa alkyş aýdylsyn.
16Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn.
17Onuň ady baky ýaşasyn, Gün astynda onuň ady güllesin, ähli halklar onda ýalkansyn, ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin.
18Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär.
19Onuň şöhratly adyna baky alkyşlar bolsun! Onuň şöhraty tutuş ýeriň ýüzüne dolsun. Omyn! Omyn!
20Ýyşaý ogly Dawudyň doga-dilegleri tamamlandy.