Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.
2Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn, gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin, meniň janym tesellini kabul etmeýär.
3Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin, Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela
4Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň, ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.
5Gadymy günler, köne döwür barada oýa batýaryn.
6Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
7Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy?
8Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi? Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
9Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
10Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».
11Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.
12Ähli işleriň barada pikir ederin, Seniň beýik işleriň barada oýa bataryn.
13Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý, Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar?
14Sen gudratlary edýän Hudaýsyň, Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň.
15Sen kuwwatly goluň bilen Öz halkyňy: Ýakubyň, Ýusubyň nesillerini azat eýlediň. Sela
16Eý, Hudaý, suwlar Seni gördüler, Seni görenlerinde heder etdiler, düýpsüz çuňluklar galpyldadylar.
17Bulutlar suwlar dökdüler, gökler gübürdediler, peýkamlaryň çar tarapa uçdular.
18Harasat içinde gürrüldiňiň sesi ýaňlandy, ýyldyrymlaryň dünýäni ýagtylandyrdy, ýer titräp, lerzana geldi.
19Seniň ýoluň deňiz içredi, Seniň ýodaň haýbatly suwlar içredi, emma aýak yzlaryň görünmeýärdi.
20Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň, olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň.