Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Hudaý Ýahudada meşhurdyr, Onuň ady Ysraýylda beýikdir.
2Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siýondadyr.
3Ol şol ýerde döwdi otly peýkamlary hem-de galkany, gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela
4Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.
5Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar, olar baky uka gitdiler. Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de elini galdyrmaga gurby çatmady.
6Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden atlar, söweş arabalary doňup galdylar.
7Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?
8Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge,
9Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer-ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela
10Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby, gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.
11Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň, olary beriň, töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa sowgat getirsin.
12Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur, ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.