Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.
2Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende, ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.
3Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Liwýatan – gadymy rowaýatlardaky deňiz peläketi. Sözlüge seret. Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys – bu sözlem käbir gadymy golýazmalardan alnandyr. Ol başga golýazmalarda Seniň gudratlaryňy jar edýärler görnüşinde duş gelýär. Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela
4Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän, erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.
5Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň, ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.
6Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir.
7Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr, birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.
8Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.
9Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.
10Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.