Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?
2Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy – Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi, ýatla Sen mesgen tutunan Siýon dagyňy.
3Müdimi harabalyklara howluk-da, sal sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.
4Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy, olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi.
5Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler.
6Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursatyň içinde palta, çekiç bilen parçaladylar.
7Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler.
8Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.
9Biz görmeýäris gudratly alamatlary, indi hiç bir pygamber hem ýok; haçana çenli şeýle boljagyny bilýän aramyzda ýok.
10Eý, Hudaý, duşman haçana çenli ýaňsylamaly? Duşman Seniň adyňa ebedilik dil ýetirsinmi?
11Näme üçin goluňy yza çekýärsiň? Eliňi goltugyňdan çykaryp, olary ýok et!
12Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň, ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.
13Gudratyň arkaly Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň.
14Liwýatanyň başlaryny kül-owram edip, ony çöl wagşylaryna şam edip berdiň.
15Gözbaşlar ýardyryp, bulaklary akdyrdyň, haýbatly derýalary gus-gury etdiň.
16Gündiz Seniňki, gije Seniňki, Sen gögüň yşyklaryny, Güni berkarar etdiň.
17Ýeriň ähli çäklerini Sen çekdiň, Sen tomsy, gyşy ýaratdyň.
18Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini.
19Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýyşyny.
20Öz ähtiňi ýatla, çünki ýurduň ähli buky ýerleri zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.
21Ezilenler ryswa bolmasyn, pukaralar, mätäçler adyňy şöhratlandyrsyn.
22Eý, Hudaý, galk-da, dawaň üçin dawalaş, akmagyň günuzyn Seni ýaňsylaýşyny ýatla.
23Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.