Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Eý, Hudaý, keseki milletler Seniň saýlan topragyňa aralaşdylar, mukaddes ybadathanaňy haramladylar, Iýerusalimi weýran etdiler.
2Seniň bendeleriň jesetlerini berdiler gök guşlaryna, Seniň sadyklaryň etini – ýeriň wagşy haýwanlaryna.
3Iýerusalimiň daş-töweregine suw kimin olaryň ganlaryny dökdüler, olary jaýlan bolmady.
4Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy.
5Ýa Reb, haçana çenli gaharlanjak? Bize müdimilik gaharlanjakmy? Gabanjaňlygyň ot deý lowlap ýanjakmy?
6Sen Öz gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň üstüne, adyňy çagyrmaýan şalyklaryň üstüne.
7Çünki olar ýuwutdylar Ýakup halkyny, wes-weýran etdiler onuň ýurduny.
8Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.
9Eý, Hudaý, Halasgärimiz! Öz şanly adyňyň hatyrasyna, Sen ýardam eýle, Öz adyňyň hatyrasyna, bizi halas et, günäden sapla.
10«Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.
11Huzuryňa tussaglaryň nalasy ýetsin; ölüme höküm edilenleri gora Sen Öz beýik güýjüňe görä.
12Ýa Taňry, goňşularymyzyň Seni ýaňsylan ýaňsylaryny ýedi esse edip olaryň başyndan inder.
13Onsoň biz – Seniň halkyň, öriň sürüsi, şükür ederis Saňa ebedi, şöhratyňy beýan ederis nesillerboýy.