Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
19 verses
1Eý, Ysraýyl Çopany, Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý! Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!
2Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşäň öňünde; güýjüňi oýar, gel-de halas et.
3Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
4Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?
5Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.
6Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler, duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.
7Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
8Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň.
9Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.
10Daglar bürendi onuň saýasyna, äpet kedr daragty – şahalaryna.
11Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny.
12Emma her ötegçiniň onuň miwesini ýolup bileri ýaly, Sen onuň haýatlaryny näme üçin weýran eýlediň?
13Tokaý ýekegapany ony dagadýar, meýdan jandarlary ony gemirýär.
14Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý! Göklerden sal Sen nazary, gör bu üzüm bagyny –
15eliň oturdan bu nahalyny, Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy.
16Olar ony otda ýakdylar, ony çapdylar. Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan ýitip gitsinler.
17Emma kömek et sagyňdaky ynsana Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala
18Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan; bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy.
19Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.