Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.
2Mukama başlaň: deprek, hoş owazly kinory, arfany çalyň.
3Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.
4Çünki bu – Ysraýylyň parzlary, Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.
5Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda, Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi. Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:
6«Men gerşiňi dyndyrdym ýükden, seniň elleriň halas boldy sebetden.
7Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela
8Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!
9Ýat hudaý araňyzda bolmasyn, keseki hudaýa sežde etmegin.
10Men – Reb, seniň Hudaýyň, çykardym Men seni Müsür ýurdundan. Agzyňy giňden aç, ony dolduraýyn.
11Emma halkym sesime gulak asmady, Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.
12Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip, Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym.
13Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady! Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady!
14Şonda tiz boýun egdirerdim ýagylaryny, duşmanlaryna gönükdirerdim Men Öz elimi.
15Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi, kysmatlary ebedi dowam ederdi.
16Men oňa saýlama bugdaý iýdirerdim, gaýadan akan bal bilen seni doýrardym».