Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip, ylahy barlyklaryň arasynda kazylyk edýär.
2Hudaý şeýle diýýär: «Haçana dek adalatsyz kazylyk edip, siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela
3Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.
4Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary.
5Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz, siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz, ýeriň binýatlary lerzana gelýär».
6Men diýýärin: «Siz ylahy barlyklarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.
7Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».
8Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne çünki Seniňkidir ähli milletler.