Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Eý, Hudaý, dymma, eý, Hudaý, ümsüm, biperwaý bolma.
2Seret, duşmanlaryň pitne turuzýar, Seni ýigrenýänler başlaryny galdyrýar.
3Seniň halkyňa garşy erbet niýet edinýär, Seniň goraýanlaryňa garşy dil birikdirýär.
4Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn».
5Olar bir çukura tüýkürip, dil birikdirýär hem-de Saňa garşy äht baglaşýar:
6edomlar we ysmaýyllar, mowaplar we hagarlar,
7Gebal, Ammon hem-de Amalek, Pilişt hem-de Suruň ilaty,
8Aşur-da goşuldy, olar Lut ogullaryny goldady. Sela
9Sen Midýana hem-de Kişon çaýynda Sisera bilen Ýabyna edenleriňi olaryň başyndan inder.
10Olar Eýndorda heläk edildi, olar topragyň dökünine öwrüldi.
11Orep we Zeýep ýaly et serdarlaryny, Zebah we Salmunna dek – ähli serkerdesini.
12Olar: «Geliň, Hudaýyň örülerini özümize mülk edineli» diýdiler.
13Eý, Hudaý, tüweleýdäki tozana, ýel öňündäki samana öwür olary.
14Oduň tokaýy köýdürşi kimin, ýalnyň daglary otlaýşy kimin,
15harasatyň bilen kowala Sen olary, apy-tupanyň bilen gorkuz olary.
16Utanja gapla olaň ýüzüni, ýa Reb, şonda olar agtarar Seniň adyňy.
17Baky ryswa bolup, goý, dowla düşsün, utanç içinde ýok bolup gitsin.
18Goý, olar bilsin: Reb – diňe Sensiň, tutuş ýeriň Beýik Hudaýsysyň!