Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Eý, Hökmürowan Reb! Seniň mesgeniň neneňsi eziz!
2Rebbiň howlularyny küýsäp, meniň janym ysgyndan düşýär; ýüregim, tenim diri Hudaýa şatlanyp, nagmalar aýdýar.
3Seniň gurbanlyk sypaň ýanynda hatda serçe hem tapýar özüne bir öý, garlawaç hem – öz çagalary üçin höwürtge, eý, Hökmürowan Reb: Patyşam hem-de Hudaýym!
4Bagtlydyr Seniň öýüňde mesgen tutanlar, olar mydama Seni şöhratlandyrarlar. Sela
5Bagtlydyr Senden kuwwat alýanlar, kalbynda Siýona eltýän ýoly arzuwlaýanlar!
6Olar Agy-perýat jülgesinden geçende, ol ýer çeşmeler mekanyna öwrülýär, güýzki ýagyş ol ýere bereket berýär.
7Olaryň kuwwaty barha möwjeýär, Siýonda Hudaýyň huzurynda häzir bolarlar.
8Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý, eşit dogamy, diňle meni, eý, Ýakubyň Hudaýy! Sela
9Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip saýlanyňa.
10Çünki Seniň howlularyňda geçen ýeke gün başga ýerde geçen müň günden ýagşy. Erbetleriň çadyrlarynda men ýaşanymdan, Hudaýymyň öýüniň bosagasynda duranym ýagşy.
11Çünki Beýik Hudaý – Günümiz we galkanymyz, Ol merhemet we şöhrat berýär; Ol dogry ýoldan ýöreýänlerden hiç bir ýagşylygyny gaýgyrýan däldir.
12Eý, Hökmürowan Reb! Saňa bil baglaýanlar nähili bagtly!