Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene dikeltdiň.
2Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela
3Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.
4Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan eliňi göter.
5Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?
6Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?
7Ýa Reb, bize wepaly söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
8Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.
9Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!
10Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
11Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.
12Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler.
13Dogrulyk Onuň öňünden ýörär, Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.