Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
7 verses
1Koragyň nesillerine. Mezmur. Nagma.
2Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr. Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini, aýratyn-da – Siýonyň derwezelerini.
3Eý, Hudaý şäheri! Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela
4Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Siýonda doglan“».
5Siýon babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.
6Reb «Bu adam Siýonda doglan» diýip, halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela
7«Meniň ähli gözbaşlarym Siýonda» diýip, bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdar.