Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Ýa Reb, meni halas eýleýän Hudaý, gije-gündiz gaşyňda dat-perýat etdim.
2Seniň huzuryňa barsyn doga-dilegim, diňle meniň dat-perýadymy.
3Çünki muşakgatlardan doludyr janym, ölüler dünýäsine golaýlandyr meniň ömrüm.
4Men gabra inip barýanlardan saýyldym, bir mejalsyz adam dek boldum.
5Men ölüler arasyna taşlanyp, Seni indi asla ýada salmaýan, Seniň eliňden uzaga düşüp, gabyrda ýatan jeset dek boldum.
6Sen meni gabryň düýbünde, tümlükde, çuňlukda goýduň.
7Seniň gazabyňyň labyry üstüme indi, ähli tolkunlaryň meni ýumurdy. Sela
8Dost-ýaranlarymdan meni aýyrdyň, meni olara ýigrenji etdiň. Daşymdan baglanan, çykyp bilmeýän.
9Hasratdan ýaňa küteldi gözüm, ýa Reb, her gün Seni çagyrdym, men ellerimi Saňa uzatdym.
10Sen gudratlary merhumlara etjekmi? Ölüler Saňa öwgi aýdarmy? Sela
11Seniň söýgiň jar edilermi gabyrda, Seniň wepadarlygyň – heläkçilik ýerinde?
12Gudratlaryň bilinýärmi tümlükde, Seniň dogrulygyň – unudylma ýurdunda?
13Men bolsa, ýa Reb, Saňa perýat edýärin, ir säherde Saňa doga edýärin.
14Ýa Reb, näme üçin ret edýäň meni? Näme üçin gizleýäň menden ýüzüňi?
15Men çagalykdan bäri görgüli, ölüm halynda, howplaryňa uçrap, umytdan düşdüm.
16Seniň gazabyň üstüme indi, wehimiňiň hüjümleri meni ýumurdy.
17Olar uzakly gün sil dek gabaýar, ähli tarapdan töweregimi gurşaýar.
18Uzaklaşdyrdyň menden dostlarymy, ýakynlarymy, garaňkylyk – ýalňyz ýoldaşym.