Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!
2On kirişli guralda we arfada, kinorda mukamlar çalyp,
3gije-gündiz söýgiňi, wepadarlygyňy beýan eýlemek!
4Çünki, ýa Reb, işleriň bilen meni şat etdiň, elleriňiň işlerine şatlanyp nagma aýdaryn.
5Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň! Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!
6Kemakyl adam muny bilmeýär, akmak muňa hiç düşünmeýär.
7Emma erbetler ot deý gögerseler-de, betkärler gülleseler-de, olar baky weýrançylyga h��küm edilen.
8Emma Sen, ýa Reb, baky belentsiň.
9Ine, ýa Reb, duşmanlaryň, Seniň duşmanlaryň, ýitip giderler, ine, ähli betkärler dargadylarlar.
10Duşmanymyň ýeňlişini gördi gözlerim, maňa garşy galýanlaryň heläk bolşuny eşitdi meniň gulagym.
12Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.
13Olar ekilendir Rebbiň öýünde, gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda.
14Olar garrasa-da, miwe getirýändirler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
15Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam, Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar.