Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.
2Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».
3Ol halas eder seni awçyň torundan hem-de heläkleýji mergiden.
4Ol perleri bilen seni basyrar; ganatlarynyň astynda pena taparsyň, Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.
5Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan,
6tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan.
7Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar, emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.
8Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.
9Sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip, Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň.
10Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.
11Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.
12Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar seni ellerinde göterer.
13Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.
14Reb diýýär: «Meni söýýänleri halas ederin, adymy bilýänlere pena bolaryn.
15Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin.
16Olara uzak ömür bagyş ederin olara halas edişimi Men görkezerin».