Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Hudaýyň adamy Musanyň dogasy
2Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
3Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.
4«Eý, adam ogullary, dolanyň» diýip, Sen bizi topraga dolandyrýarsyň.
5Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.
6Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.
7Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.
8Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.
9Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.
10Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri, segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli, olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde, basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris.
11Kim Seniň gaharyňyň güýjüni bilýär? Gazabyňyň wehimine düşünýän barmy?
12Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.
13Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!
14Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde wepaly söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.
15Muşakgat çekdiren günleriňiň, ýamanlyk gören ýyllarymyzyň öwezini dolup, bizi şat eýle.
16Seniň işiň aýan bolsun bendeleriňe, şan-şöhratyň – olaryň çagalaryna.
17Hudaýymyz Taňryň merhemeti biz bilen bolsun. Haýyrly et ellerimiziň işini, hawa, ellerimiziň işi haýyrly bolsun!