Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!
2Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy, tekepbirlere päline görä yzyna ber jezasyny!
3Ýa Reb, erbetler haçana çenli, haçana çenli erbetler dabaralanar?
4Ulumsylyk saçýar olaryň agzy, öwünýär betkärleriň hemmesi.
5Ýa Reb, olar halkyňy ezýär, Seniň milletiňe ejir çekdirýär.
6Olar dul hatyny, gelmişegi öldürýär hem-de ýetimleriň ganyna galýar.
7Diýýärler: «Reb görmeýär. Ýakubyň Hudaýy dykgat bermeýär».
8Düşüniň, eý, halkyň kemakyllary, eý, akmaklar, haçan bolarkaňyz paýhasly?
9Gulagy ýaradan, heý, eşitmezmi? Göze şekil beren, heý-de görmezmi?
10Milletleri toba getirýän, ynsanýete bilim öwredýän jeza bermezmi?
11Reb bilýär ynsanlaryň pikirlerini hem-de bu pikirleriň panydygyny.
12Ýa Reb, Seniň terbiýeleýän ynsanyň, Öz kanunyňy öwredýän ynsanyň nähili bagtly!
13Sen erbetleriň gabry taýýar bolýança, bu ynsany muşakgatlyk döwründe aman galdyrýaň.
14Çünki Reb Öz halkyny taşlamaz, Ol saýlan halkyny asla terk etmez.
15Çünki adalat dogrulyga dolanar, ýüregi dogrular hem oňa eýerer.
16Meniň üçin erbetleriň garşysyna kim galar? Meniň üçin betkärlere kim garşy durar?
17Eger Reb kömekçim bolmadyk bolsa, janym gabryň ümsümligine eýýäm göçerdi.
18«Aýagym büdreýär» diýen mahalym, meni, ýa Reb, wepaly söýgiň goldady.
19Ýürek gaýgylarymyň artan mahaly, Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär.
20Zulum kanunlaryny düzýän erbet hökümdarlar, eýsem Saňa ýaran bolup bilermi?
21Olar dogry ynsanyň janyna garşy dil birikdirýärler, bigünäni ölüme höküm edýärler.
22Emma Reb boldy meniň berkitmäm, Hudaýym – pena edinen gaýam.
23Ol olaryň ýamanlygyny özlerine gaýtarar, olary erbetlikleri üçin gyryp tükeder; Hudaýymyz Reb olary gyryp tükeder.