Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.
2Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly, alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.
3Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.
4Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.
5Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony, gury ýere şekil berdi Onuň elleri.
6Geliň, sežde edip, tagzym edeli, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.
7Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, Onuň elindäki goýunlardyrys. Onuň şu gün diýýänlerine gulak goýuň:
8«Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.
9Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady, edenlerimi görse-de, Meni synady.
10Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym. Diýdim: „Bu bir ýüregi azaşan halkdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.
11Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».