Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Reb höküm sürýär: goý, ýer şatlansyn, hemme adalar, goý, begenişsin.
2Onuň daş-töweregi – bulut we tümlük, tagtynyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk.
3Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.
4Ýyldyrymlary dünýäni ýagtylandyrýar, ýer ýüzi görýär hem galpyldaýar.
5Daglar mum dek ereýär Rebbiň öňünde – tutuş ýer ýüzüniň Taňrysynyň öňünde.
6Gökler Onuň dogrulygyny jar edýär. Ähli halklar Onuň şan-şöhratyny görýär.
7Biderek butlaryna magtanyp, ��ekillere sežde edýänler utandyrylýar. Oňa tagzym ediň, eý, ähli hudaýlar!
8Ýa Reb, Seniň kararlaryňy Siýon eşidip, şadyýan bolýar, Ýahudanyň gyzlary hem begenýär.
9Ýa Reb, Sen ýer ýüzünde iň beýigisiň, ähli hudaýlardan belende çykarylansyň.
10Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.
11Nur dogulýar dogrular üçin, şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin.
12Eý, dogrular, Rebde şatlanyň, mukaddes adyna şükürler ediň.