Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!
2Reb Siýonda beýikdir, ähli halklardan beýgeldilendir.
3Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!
4Sen adalaty söýýän Patyşa: ýüz görmezligi, adalaty, dogrulygy berkarar etdiň; bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.
5Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň: mukaddesdir Ol!
6Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Onuň adyny çagyrýanlaryň arasynda Şamuwal hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.
7Ol olara bulut sütüninden gürledi, olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.
8Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň. Sen etmişleri üçin jeza berseň-de, olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.
9Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!