Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
5 verses
1Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.
2Rebbe şatlyk bilen siz gulluk ediň, nagma aýdyp, Onuň gaşyna baryň.
3Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň. Bizi Ol ýaratdy, biz-de Onuňky, biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky.
4Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.
5Çünki Reb ýagşy, Onuň söýgüsi dowam edýär ebedi, wepadarlygy – nesillerboýy.