Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Men wepalylyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.
2Men kämillik ýolundan ýörärin. Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?! Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn.
3Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.
4Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.
5Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.
6Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly, men olara mähir bilen gararyn. Meniň gullugymda kämillik ýolunda gezýänler durar.
7Hilegärlik edýän meniň öýümde ýaşamaz, ýalan sözleýän gaşymda durmaz.
8Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin, sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin.