Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Derde batan we arzyny Rebbiň öňüne dökýän görgüliniň dogasy
2Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.
3Kyn günümde menden ýüzüňi sowma, gulak goý maňa, çagyran günümde maňa tizräk jogap bersene.
4Çünki günlerim tüsse deý ýitýär, süňklerim tutaşan odun dek ýanýar.
5Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.
6Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.
7Men çöl-beýewandaky bir hüwi ýaly, harabalykdaky bir baýguş ýaly.
8Gözüme asla gelmeýär uky, men üçekdäki ýalňyz guşjagaz ýaly.
9Uzakly gün duşmanlarym meni ýaňsylaýarlar, üstümden gülýänler adymy näletleýärler.
10Seniň gahar-gazaplaryň zerarly, küli çörek kimin iýýärin, gözýaşlarym garylan içgi içýärin.
11Sen meni göterip, gyra taşladyň.
12Agşam kölegesi deý meniň günlerim, men ot kimin saralyp soldum.
13Sen bolsa, ýa Reb, tagtda otyrsyň baky, Seniň adyň dowam eder nesillerboýy.
14Sen galkarsyň, Siýona rehim edersiň, çünki oňa merhemet etmek wagtydyr; ýetip geldi bellenen wagt.
15Seniň bendeleriň onuň daşlaryny eziz görýärler, onuň weýranlygyna haýpy gelýärler.
16Milletler gorkar Rebbiň adyndan, dünýä şalary gorkar Onuň şan-şöhratyndan.
17Sebäbi Reb Siýony gaýtadan gurar, şan-şöhratynda Ol peýda bolar.
18Dykgat berer pukaranyň dogalaryna, äsgermezlik etmez olaryň doga-dilegne.
19Indi doguljaklar Rebbi şöhratlar ýaly, goý, bu geljek nesil üçin ýazgy edilsin.
20Çünki tussaglaryň ahy-zaryny eşitmek üçin, ölüme höküm edilenleri boşatmak üçin,
21Reb mukaddes belentliginden aşak seretdi, Ol göklerden ýere nazar aýlady.
22Ol halklar, şalyklar Rebbe sežde etmäge üýşenlerinde,
23Siýonda Rebbiň adyny, Iýerusalimde şan-şöhratyny yglan etsinler diýip, şulary etdi.
24Ol orta ýolda meni tapdan düşürdi, Ol meniň günlerimi gysgaltdy.
25Diýýärin: «Eý, meniň Hudaýym, ömrümiň ýarynda dünýäden alma. Seniň ýyllaryň dowam edýär nesillerboýy».
26Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
27Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler; Sen olary eginbaş kimin çalşarsyň, olar geçip giderler.
28Emma Seniň şol öňküligiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň. [29] Seniň bendeleriňiň çagalary asuda ýaşar, olaryň zürýatlary huzuryňda berkarar bolar.