Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr. Hudaý perişdesini iberip, muny guly Ýahýa aýan etdi.
2Ol hem gören zatlarynyň baryna, Hudaýyň sözüne, Isa Mesihiň şaýatlygyna güwälik edýär.
3Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr, çünki garaşylan wagt ýakyndyr!
4[5-6] Men Ýahýadan Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga salam! Häzir bar Bolan, geçmişde bar Bolan we Geljekden, Onuň tagtynyň öňündäki ýedi ruhdan, ölümden ilkinji direlen, bütin dünýä patyşalarynyň hökümdary, dogruçyl güwä Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! Şöhrat hem gudrat bizi söýýän, Öz gany bilen günälerimizden azat eden, patyşalyga ýetirip, bizi Atasy Hudaýyň hyzmatynda ruhanylar eden Mesihiňki bolsun! Omyn.
7Ine, Ol bulutlar bilen gelýär. Her bir göz, Onuň bedenini deşenler hem Ony görer. Ýer ýüzüniň ähli halklary Onuň üçin ýas tutar. Hawa, omyn! Başlangyç we soň Mendirin
8Häzir bar bolan, geçmişde bar bolan, geljek we her zada güýji ýetýän Reb Hudaý diýýär: «Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin».
9Isa degişli biri hökmünde muşakgatda, sabyrda, patyşalykda şärikdeşiňiz bolan men, doganyňyz Ýahýa Hudaýyň Sözi, Isanyň güwäligi sebäpli Patmos diýen adadadym.
10Rebbiň gününde Ruhdakam ýeňsämden surnaýyňky ýaly gaty bir ses eşitdim.
11Ol ses: «Görýänleriňi kitaba ýaz-da, ýedi ýygnaga, ýagny Efese, Izmire, Bergama, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.12-
13Men özüm bilen gepleşýäni görjek bolup öwrüldim. Öwrülemde ýedi altyn şemdan, şemdanlaryň ortasynda bolsa egnindäki lybasy aýaklaryna ýetip duran, göwsüne gyzyldan guşak baglan ynsan ogluna meňzeş birini gördüm.
14Onuň başy, saçy ýüň ýaly ak, gar ýaly çuw akdy. Gözleri ot ýalny ýalydy.
15Aýaklary kürede gyzardylan parlak mise meňzeýärdi. Sesi uly suwuň şaggyldysy kimindi.
16Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy, ýüzi bar güýji bilen ýaldyrap duran Gün ýalydy.
17Men Ony gören badyma, öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Ol sag elini depäme goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji hem iň soňky Mendirin.
18Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň hem ölüler diýarynyň açary Mendedir.
19Munuň üçin, gören zatlaryňy, şu wagt bolýan zatlary, mundan beýläk boljaklary ýaz.
20Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň, ýedi altyn şemdanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdeleri, ýedi şemdan hem ýedi ýygnakdyr».