Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Efesdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: ýedi ýyldyzy sag elinde saklap duran, ýedi altyn şemdanyň arasynda gezýän şeýle diýýär:
2Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Köp zähmetler çekeniňi, sabyrlydygyňy, ýaman adamlara çydap bilmeýäniňi bilýärin. Sen, resul bolmasalar-da, özlerine resul diýýänleri synadyň, olaryň ýalançydygyna göz ýetirdiň.
3Seniň sabryň bar. Meniň adym ugrunda dert çekdiň, ýadamadyň.
4Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen başky söýgiňi taşladyň.
5Şonuň üçin, nirede ýykylanyňy ýada sal-da, toba et, ozalky edýän işleriňi ýerine ýetir. Toba etmeseň, ýanyňa gelip, şemdanyňy duran ýerinden gozgaryn.
6Ýene-de seniň peýdaňa bolan bir zat bar. Sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň, Men-de olary ýigrenýärin.
7Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene Hudaýyň jennetindäki ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýme ygtyýaryny bererin». Izmirdäki ýygnaga
8Izmirdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Ölen hem Direlen, Birinji hem Iň Soňky şeýle diýýär:
9Seniň muşakgatlaryňy, garyplygyňy bilýärin. Aslynda, sen baýsyň! Özlerine ýehudy diýýänleriň dil ýetirýäninden hem habarym bar. Olar ýehudy däl-de, şeýtanyň sinagogasydyr.
10Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, iblis sizi synamak üçin, käbiriňizi tussaga saldyrar, siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
11Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňen ikinji ölümden zyýan görmez».
12Bergamadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyçly şeýle diýýär:
13Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň hem tagty şol ýerdedir. Sen Meniň adymy berk saklaýarsyň. Araňyzda şeýtanyň ýaşaýan ýerinde öldürilen sadyk şaýadym Antipas barka-da, sen Maňa bolan imanyňdan dänmändiň.
14Ýöne sende oňlamaýan birnäçe zadym bar. Ol ýerde Balamyň taglymatyna eýerýänler bar. Buta hödürlenen gurbanlary iýmekleri, zyna etmekleri üçin, Ysraýyl ogullaryna duzak gurmagy Balaka Balam öwretdi.
15Şonuň ýaly-da araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar.
16Munuň üçin toba et! Ýogsa tiz ýanyňa gelip, agzymyň gylyjy bilen olara garşy urşaryn.
17Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene gizlin mannadan bererin. Ýene-de oňa bir ak daş bererin. Bu daşyň ýüzünde täze at ýazylgydyr. Ony daşy alandan başga hiç kim bilýän däldir».
18Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Gözleri oduň ýalny ýaly, aýaklary gyzardylan parlak mise meňzeş Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:
19Men seniň nämeler edeniňi bilýärin. Söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy, sabryňy, soňra edenleriň ozalky edenleriňden köpdügini bilýärin.
20Emma sende oňlamaýan bir zadym bar. Sen özüni pygamber diýip yglan eden Izebel atly aýala ýol berýärsiň. Bu aýal Meniň bendelerimi taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorluk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlardan iýdirjek bolýar.
21Men oňa toba etmäge wagt berdim, emma ol zynahorlukdan toba etmek islemeýär.
22Gör, ine, Men ony muşakgatdan doly düşekde ýatyraryn, onuň bilen zyna edenleri-de, öz eden işlerinden toba etmeseler, uly muşakgatlaryň içine taşlaryn.
23Onuň oglanlaryny mergi bilen öldürerin. Şonda bütin ýygnaklar ýürekleri hem göwünleri barlaýanyň Mendigimi biler. Men siziň her biriňize eden işleriňiziň hakyny bererin.
24Emma size, ýagny Tiýatiradaky beýlekilere, bu taglymata bagly dälleriň baryna, olaryň diýşi ýaly, „Şeýtanyň çuňluklaryny" bilmeýänleriň baryna aýdýaryn: siziň üstüňize başga zat ýüklemeýärin.
25Ýöne Men gelýänçäm, özüňizdäkini saklaň.
26Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene, buýruklarymy soňuna çenli berjaý edene milletler üstünden ygtyýar bererin.
27Ol hem olary demir taýak bilen bakar, toýundan ýasalan gaplar kimin derbi-dagyn eder.
28Men oňa daň ýyldyzyny bererin.
29Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».