Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Sardisdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Hudaýyň ýedi ruhuna, ýedi ýyldyza eýe Bolan şeýle diýýär: Men seniň edenleriňi bilýärin. Saňa diri diýýärler, ýöne sen ölüsiň.
2Oýan! Galan we öljek zatlary güýçlendir. Çünki Men Hudaýyň öňünde işleriňi bitirmäniňi gördüm.
3Munuň üçin, alanyňy, eşideniňi ýada sal-da, berjaý et, toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň.
4Emma Sardisde seniň ýanyňda egin-eşiklerini kirletmedik birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen bile ak lybaslar geýip gezer, sebäbi muňa laýykdyrlar.
5Ýeňen ak egin-eşikler geýer. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň hem Onuň perişdeleriniň öňünde adyny ykrar ederin.
6Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».
7Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Mukaddes hem çyn bolan, Dawut açarynyň eýesi, açanyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapanyny hiç kim açyp bilmeýän şeýle diýýär:
8Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Ine, öňüňde bir açyk gapy goýdum, hiç kim ony ýapmagy başarmaz. Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymy inkär etmediň.
9Ine, şeýtanyň sinagogasyndan bolanlary, ýehudy bolmasalar-da, ýalan sözläp, özlerine ýehudy diýýänleri gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin. Olar seni söýýändigimi biler.
10Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň üçin, ýer ýüzünde ýaşaýanlary synama maksady bilen, bütin dünýäniň üstüne injek synag sagadyndan seni goraryn.
11Men basym gelerin. Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla.
12Ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasyna direg ederin. Ol, artykmaç, ol ýerden daşary çykmaz. Onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny, Hudaýymyň şäheriniň adyny, ýagny Gökden, Hudaýymyň huzuryndan inen täze Iýerusalimiň adyny, Öz täze adymy ýazaryn.
13Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».
14Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Omyn, dogruçyl, çyn güwä, Hudaýyň ýaradanlarynyň başy şeýle diýýär:
15Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!
16Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn.
17Sen: „Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin" diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň.
18Men saňa baýar ýaly, Menden ot bilen saplanan altyn geýnip, ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly ak egin-eşik, görer ýaly, gözleriňe çalar ýaly göz dermanyny satyn almagy maslahat berýärin.
19Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da toba et.
20Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar.
21Men ýeňip, atam bilen bile Onuň tagtynda oturan bolsam, ýeňene-de Meniň bilen bile Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.
22Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».