Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Mundan soň seretdim, ine, Gökde açyk duran bir gapy bardy. Meniň bilen gepleşýänini eşiden sesim, ýagny surnaý sesine meňzeş ozalky ses: «Gel, bu ýere çyk, mundan soň bolmaly zatlary saňa görkezeýin» diýdi.
2Şol pursat birden Ruhdadym. Ine, Gökde bir tagt bardy, tagtyň üstünde biri otyrdy.
3Oturanyň görnüşi ýaşma, gyrmyzy hakyk daşyna meňzeýärdi, tagtyň töwereginde zümerret görnüşli älemgoşar bardy.
4Tagtyň daş-töwereginde ýigrimi dört sany başga tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde başlary altyn täçli, ak lybasly ýigrimi dört ýaşuly otyrdy.
5Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler hem gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýanyp duran ýedi çyra bardy. Bular Hudaýyň ýedi Ruhudyr.
6Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, göýä çüýşeden ýasalan bir deňiz bar ýalydy. Ortada, tagtyň dört tarapynda öňi hem arka tarapy gözlerden doly dört sany janly mahluk durdy.
7Birinji mahluk arslana meňzeýärdi, ikinji mahluk öküze, üçünji mahlugyň ýüzi adam ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeşdi.
8Janly dört mahlugyň her biriniň alty ganaty bardy. Töwerek daşlary, ganatlarynyň aşagy-da gözlerden doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, geçmişde bar bolan, häzir bar bolan we geljek, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýýärdiler.9-
10Janly mahluklar tagtyň üstünde Oturana, ebedilik Ýaşaýana şöhrat, hormat hem şükür edenlerinde, ýigrimi dört ýaşuly-da ebedilik diri bolup, tagt üstünde Oturanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňüne zyňyp, şeýle diýýärdiler:
11«Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy».