Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Onsoň men Gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, depesinde älemgoşar bardy, ýüzi Güne, aýaklary bolsa ot sütünine meňzeýärdi.
2Elinde bir açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňziň, sol aýagyny-da ýeriň üstünde jaýlaşdyrdy.
3Arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Ol gygyranda, ýedi gök gürrüldisi öz sesleri bilen gürlediler.
4Ýedi gök gürrüldisiniň ses berip gürlän wagty men ýazjak boldum, ýöne Gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny möhürle, ýazma!» diýen bir ses eşitdim.
5Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini Göge galdyrdy.
6Ol Gögi we gökdäkileri, Ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, ebedi Diriniň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz!
7Ýöne ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak günlerinde, Hudaý Öz gullary, ýagny pygamberlere buşlaýşy ýaly, Onuň syry tamamlanar».
8Gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi.
9Men perişdäniň ýanyna baryp, kitapçany maňa bermegini haýyş etdim. Ol maňa: «Al, iý! Ol içiňi ajadar, ýöne agzyňda bal ýaly süýji bolar» diýdi.
10Men kitapçany perişdäniň elinden alyp iýdim. Ol agzymda bal ýaly süýjüdi, ýöne ony iýip bolanymda, içim ajady.
11Onsoň ol maňa: «Sen birtopar halklar, milletler, diller we patyşalar hakda ýene-de welilik etmelisiň» diýdi.