Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Bäşinji perişde surnaý çaldy. Men Gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza düýpsüz dowzah guýusynyň açary berlipdi.
2Ol düýpsüz guýyny açanda, guýudan ojagyň tüssesi ýaly tüsse çykdy. Guýynyň tüssesinden Gün hem howa garaldy.
3Tüsseden ýer ýüzüne çekirtge ýagdy. Olara-da ýer ýüzündäki içýanlara berlişi ýaly, gudrat berlipdi.
4Olara ýer ýüzüniň otuna, hiç bir gök ösümlige, hiç bir agaja däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.
5Olara hiç kimi öldürmän, bu adamlary bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Gynaýyşlary bir içýanyň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi.
6Ol günlerde ynsanlar ölümi agtarar, ýöne ony tapyp bilmezler. Ölümi küýsär, ýöne ölüm olardan gaçar.
7Çekirtgeleriň görnüşi söweşe taýýarlanan atlaryňka meňzeýärdi. Başlarynda altyn täç ýaly başlyklar bardy, ýüzleri adamyň ýüzüne meňzeşdi.
8Saçlary aýalyň saçy, dişleri-de arslanyňky ýalydy.
9Olaryň demir sowutlar ýaly, döş sowutlary bardy. Ganatlarynyň sesi söweşe çapýan köp sanly arabaly atlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi.
10Içýanlaryňka meňzeş guýruklary, iňňeleri bardy. Adama bäş aýlap zyýan ýetirýän gudratlary guýruklaryndady.
11Olaryň üstünden dowzah guýusynyň perişdesi patyşalyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe Apoliondyr.
12Birinji «Waý» geçdi, ine, mundan soň ýene iki «Waý» gelýär.
13Altynjy perişde surnaý çaldy. Men Hudaýyň öňündäki altyndan gurbanlyk edilýän ýeriň dört şahyndan bir ses eşitdim.
14Ses eli surnaýly altynjy perişdä: «Uly Ýewfrat derýasynyň ýanynda daňylgy duran dört perişdäni goýber!» diýdi.
15Şeýle, şol sagat, şol gün, şol aý we şol ýyl üçin taýýarlanan dört perişde ynsanlaryň üçden birini öldürsin diýip goýberildi.
16Bularyň atly goşunynyň sany iki ýüz milliondy; sanlaryny eşitdim.
17Atlary, olaryň üstündäkileri şeýle görnüşde gördüm: atlylaryň ot, gök ýakut hem kükürt reňkli sowutlary bardy. Atlaryň kellesi arslanyň kellesine meňzeýärdi, agyzlaryndan bolsa ot, tüsse, kükürt çykýardy.
18Ynsanlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden ― bu üç beladan öldi.
19Çünki atlaryň gudraty agzynda hem guýrugyndadyr. Sebäbi ýylana meňzeş guýruklarynyň başlary bolup, bular bilen zyýan berýändirler.
20Galan ynsanlar, ýagny bu belalardan ölmän galanlar jynlara, öz elleri bilen ýasan, görüp, eşidip we ýöräp bilmeýän altyn, kümüş, mis, daş we agaç butlaryna sežde etmekden el çekip toba etmediler.
21Olar adam öldürmeden, jadygöýlükden we ogrulykdan toba etmediler.