Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Guzy ýedinji möhüri açanda, Gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.
2Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.
3Başga bir perişde gelip, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde durdy. Onuň elinde altyn buhurdan bardy. Oňa tagtyň öňündäki altyn gurbanlyk edilýän ýerde ähli mukaddesleriň dogalary bilen hödürlemegi üçin köp buhur berildi.
4Mukaddesleriň dogalary bilen birlikde buhuryň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna ýokary göterildi.
5Perişde buhurdany alyp, gurbanlyk edilýän ýeriň odundan doldurdy. Muny ýeriň ýüzüne zyňanda, Gök gürläp, batly sesler çykdy, ýyldyrymlar çakyp, ýer titredi.
6Onsoň ýedi perişde ellerindäki ýedi surnaýy çalmaga taýýarlandylar.
7Birinji perişde surnaý çaldy. Gan gatyşyk doly hem ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, bütin ýaşyl ot ýandy.
8Ikinji perişde surnaý çaldy. Oduň içinde ýanýan uly dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň üçden biri gana döndi.
9Deňizde ýaşaýan janly mahluklaryň üçden biri öldi, gämileriň hem üçden biri weýran boldy.
10Üçünji perişde surnaý çaldy. Gökden çyra ýaly ýanýan bir uly ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw bulaklarynyň üstüne gaçdy.
11Bu ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ýowşan ýaly ajady. Ajan suwlardan içen birtopar adam öldi.
12Dördünji perişde surnaý çaldy. Günüň üçden biri, Aýyň üçden biri, ýyldyzlaryň üçden biri garalsyn we gündiz üçden biri, gije-de, şonuň ýaly, üçden biri ýagty salmasyn diýip uruldylar.
13Onsoň seretdim, Gögüň ortasynda uçup ýören bir perişdäniň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý, waý, waý!»