Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
26 verses
1Mundan soň bir täze Gök bilen bir täze Ýer gördüm. Çünki öňki Gök, öňki Ýer aradan aýrylypdy. Indi deňiz hem ýokdy.
2Onsoň men öz adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin ýaly, Gökden Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher täze Iýerusalimi gördüm.
3Gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar.
4Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy».
5Tagtyň üstünde Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz! Çünki bu sözler ygtybarly, çyndyr» diýdi.
6Maňa şeýle diýdi: «Boldy! Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin.
7Ýeňen, ine, bulary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol-da Meniň oglum bolar.
8Emma gorkagyň, imansyzyň, ýigrenjiniň, ganhoryň, zynagäriň, jadygöýüň, butparazyň, bütin ýalançylaryň soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji ölüm budur».
9Soňky ýedi bela bilen doly ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşdi: «Gel, men saňa Guza aýal boljak gelni görkezeýin» diýdi.
10Perişde meni Ruhda bir uly, belent daga äkitdi. Ol ýerden maňa Hudaýyň şöhraty arkaly parlaýan mukaddes şäher Iýerusalimi Gökden Hudaýyň ýanyndan inip gelýärkä görkezdi.
11Onuň parlaklygy bir juda gymmat daşyň, kristallaşan ýaşma daşynyň parlaklygy kimindi.
12Uly hem belent diwarlary bardy, on iki derwezesi, derwezeleri saklaýan on iki perişdesi bardy. Derwezeleriň ýüzünde Ysraýyl ogullarynyň on iki taýpasynyň ady ýazylgydy.
13Gündogarda üç derweze, demirgazykda üç derweze, günortada üç derweze, günbatarda üç derweze bardy.
14Şäher diwarynyň on iki binasy bolup, ýüzünde Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.
15Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, şäheriň derwezeleri bilen diwarlaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg agajy bardy.
16Şäher dört burçluk bolup, boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi, bir ýany on iki müň ok atym çykdy. Boýy, ini, beýikligi deňdi.
17Perişde diwarlary-da ölçedi. Onuň ulanýan adam ölçegi boýunça beýikligi ýüz kyrk dört arçyn çykdy.
18Diwarlar ýaşmadan salnypdy. Şäher bolsa sap çüýşä meňzeş sap altyndandy.19-
20Şäher diwarlarynyň binalary her hili gymmatbaha daşlar bilen bezelipdi. Birinji bina daşy ýaşma, ikinjisi gök ýakut, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret, bäşinjisi ak hakyk, altynjysy gyrmyzy hakyk, ýedinjisi sary ýakut, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy ýaşyl ýakut, onunjysy sary zümerret, on birinjisi Ýemen daşy, on ikinjisi goňur ýakutdy.
21On iki derweze on iki dürdendi, ýagny her derweze bir dürden ýasalypdy. Şäheriň köçesi dury çüýşe ýaly sap altyndandy.
22Bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr.
23Şäheriň özüni ýagtylandyrmagy üçin, Günüň ýa-da Aýyň geregi ýok. Çünki Hudaýyň ýalkymy ony ýagtylandyrýar. Guzy hem onuň çyrasydyr.
24Milletler şäheriň yşygynda gezer. Dünýäniň patyşalary şöhratlaryny bu ýere getirer.
25Şäheriň derwezeleri günuzyn ýapylmaz. Hawa, ol ýerde gije bolmaz.
26Milletler şöhrat hem baýlyklary bilen oňa geler.
27Oňa hiç bir hapa zat, ýigrenji we galp işler edeniň hiç biri girmez, diňe atlary Guzynyň ýaşaýyş kitabynda ýazylanlar girer.