Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Perişde maňa şäher köçesiniň ortasynda Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykýan bulgur ýaly dury ýaşaýyş suwunyň derýasyny görkezdi.
2Derýanyň iki tarapynda on iki hili miwe öndürýän, her aý miwesini berýän ýaşaýyş agajy bardy. Agajyň ýapraklary milletlere şypady.
3Indi hiç zat gargyş astynda galmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty şäherde bolar. Bendeleri Oňa gulluk eder.
4Onuň ýüzüni görer, maňlaýlarynda Onuň ady bolar.
5Indi gije bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de Günüň nury gerek bolar. Reb Hudaý olara yşyk bolup, olar ebedilik höküm sürer.
6Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ynamlydyr, çyndyr! Pygamberleriň ruhlarynyň Hudaýy Reb, şu ýakynda boljak wakalary Öz gullaryna bildirjek bolup, perişdesini ýollady».
7«Ine, basym gelýärin! Bu kitabyň weli sözlerini berjaý eden bagtlydyr!»
8Bu zatlary eşiden, gören men, Ýahýa. Bulary eşiden, gören mahalym men bulary özüme görkezen perişdä sežde etjek bolup, onuň aýaklaryna ýykyldym.
9Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle iş etme! Men seniň, seniň pygamber doganlaryň bilen bu kitabyň sözlerini berjaý edýänleriň ýoldaşydyryn. Hudaýa sežde et!»
10Onsoň maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň weli sözlerini möhürleme. Çünki garaşylan wagt ýakyndyr.
11Erbetlik eden ýene erbetlik etsin, hapa bolan hapalygynda galsyn. Dogry adam ýene dogrulyk etsin. Mukaddes-de mukaddesligine galsyn».
12Ine, basym gelýärin! Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin.
13Alfa we Omega, ilkinji hem ahyrky, başlangyç we soň Mendirin».
14Ýaşaýyş agajyndan iýmitlenme hakyny almak, derwezelerden geçip, şähere girmek üçin, Onuň tabşyryklaryny berjaý edenler bagtlydyr!
15Itler, ýagny jadygöýler, zynagärler, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, işlerini ýalan bilen ýöredenleriň bary daşarda galar.
16«Men ― Isa, imanlylar ýygnaklaryna degişli bolan bu güwäligi size ýetirsin diýip, Öz perişdämi ýolladym. Men Dawudyň kökünden we neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»
17Ruh we gelin: «Gel!» diýýär. Her eşiden «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn.
18Bu kitabyň weli sözlerini eşiden kişä duýdurýaryn! Biri bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar.
19Eger-de biri bu weli kitabyň sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalan ýaşaýyş agajyndan, mukaddes şäherden oňa ýeten paýy yzyna alar.
20Bularyň ählisine güwälik edýän: «Hawa, basym gelýärin!» diýýär. Omyn! Gel, ýa Reb Isa!
21Rebbimiz Isanyň merhemeti ähliňiz bilen bolsun. Omyn!