Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
32 verses
1Isa Mesihiň guly, resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryna saýlanan men Pawlusdan salam!
2Hudaýyň pygamberleri arkaly Mukaddes Ýazgylarda öňden wada eden ol Hoş Habary
3Ten boýunça Dawudyň tohumyndan bolup,
4mukaddeslik ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesih hakdadyr.
5Biz Onuň adynyň hatyrasyna bütin milletlerde imana tabynlyk oýarmak üçin Ol arkaly merhemet we resullyk aldyk.
6Siz hem Isa Mesih tarapyndan çagyrylanlar hökmünde şol milletler arasyndasyňyz.
7Hudaýyň Rimdäki ähli eý görýänleri we mukaddeslige çagyrylan size Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih merhemet etsin, parahatlyk bersin.
8Ilki bilen, imanyňyzyň bütin dünýäde yglan edilýänligi sebäpli, baryňyz üçin Isa Mesih arkaly Hudaýyma şükür edýärin.
9Çünki Hudaýyň islegi bilen ahyrsoňy indi hoşbagtlyk tapyp, bir tär bilen size gelmezmikäm diýip ýalbaryp,
10elmydam dogalarymda sizi birsyhly ýatlaýanyma Oglunyň Hoş Habarynda ruhum bilen gullugyny edýän Hudaýym güwämdir.
11Çünki men, berkitjek bir ruhy sylaga ýetirmek üçin, sizi görmegi gaty küýseýärin.
12Islegim özüm araňyzdakam sizde we mende, biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr.
13Eý doganlar, men beýleki milletler arasynda bolşy ýaly, siziň araňyzda-da hasylym bolsun diýip, ýanyňyza gelmegi telim gezek ýüregime düwenimiň, ýöne şu wagta çenli päsgelçilige gabat gelenimiň size nämälim bolup galmagyny islemeýärin.
14Men greklere hem warwarlara, akyldarlara hem nadanlara borçludyryn.
15Şeýlelikde, elimden geleni aýaman, siz Rimdäkilere-de Hoş Habary wagyz etmäge taýyn.
16Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene, ilki bilen ýehudylara we soňra greklere Hudaýyň gutulma güýjüdir.
17Çünki: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýip ýazylyşy ýaly, Hoş Habarda Hudaýyň dogrulygy imandan imana aýan bolýar.
18Sebäbi Hudaýyň hakykaty nädogrulykda saklaýan adamlaryň bütin hudaýsyzlyk we nädogrulygyna edýän gahar-gazaby Gökden aýan bolýandyr.
19Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir.
20Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär.
21Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy.
22Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular.
23Pany däl Hudaýyň şöhratyny pany adamyň, guşlaryň, dört aýaklylaryň we süýreniji haýwanlaryň suratyna meňzeş zatlara öwürdiler.
24Şonuň üçin, tenleri öz aralarynda betnam bolsun diýip, Hudaý olary ýürekleriniň haram keýpi içinde pislige tabşyrdy.
25Olar Hudaýyň hakykatyny galplyga çalşyp, ýaradylana Ýaradandan zyýada hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn.
26Şu sebäpden Hudaý olary wejera hyjuwlara tabşyrdy, çünki olaryň aýallary hem teniň tebigy ulanylyşyny tebigy däl ulanyşa öwürdiler.
27Şonuň ýaly-da, erkekleri aýalyň tebigy ulanylyşyny terk edip, hyjuwlarynda biri-birleri bilen gyzyklandylar. Erkekler erkekler bilen ryswalyk edip, öz azgynçylyklaryna laýyk haklaryny hem aldylar.
28Olaryň öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýişi ýaly, Hudaý hem olary ýerliksiz işleri etmekleri üçin ýaramaz pikirde taşlady.
29Olar bütin nädogrulyk, zyna, erbetlik, betnebislik, ýamanlyk bilen doly bolup, içigaraçylyk, adam öldürmek, jedel, mekirlik, bethäsiýetlikden doly,
30gepçi, töhmetçi, Hudaýy ýigrenýän, tekepbir, öwünjeň, erbet zatlary oýlap tapyjy, ata-enä etagatsyz,
31pähimsiz, wepasyz, tebigy söýgüsiz we rehimsizdir.
32Olar Hudaýyň beýle işleri edýänler ölüme mynasypdyr diýen adyl hökümini bilseler-de, bu işleri diňe bir etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary edýänleri-de halaýarlar.