Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Şonuň üçin, eý, höküm edýän adam, sen ötünçsizsiň, çünki başga birini höküm edýän zadyňda özüňe iş kesýänsiň, çünki, eý, höküm edýän, sen şol zatlaryň özüni edýänsiň.
2Biz bolsak Hudaýyň höküminiň beýle zatlary edýänler barada hakykat esasyndadygyny bilýäris.
3Eý, beýle işleri edenleri höküm edip-de, özi bu işleri edýän adam, sen Hudaýyň höküminden gaçyp syparyn öýdýärsiňmi?
4Ýa-da Hudaýyň ýagşylygynyň özüňi toba eltýänini bilmän, Onuň ýagşylygynyň, sabrynyň, çydamynyň baýlygyny äsgermezlik edýärsiňmi?
5Sen keçjallygyňa, toba gelmez ýüregiňe görä, gazap güni üçin Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak güni üçin, özüňe gazap ýygnaýarsyň.
6Hudaý her kişä öz eden işine görä hak berer:
7ýagşy işde çydamlylyk görkezip, şöhrat, hormat we çüýremezligi agtarýanlara ebedi ýaşaýyş;
8igenjeň, hakykata boýun bolman, nädogrulyga boýun bolanlara bolsa gazap hem gahar,
9ilki bilen ýehudylara, soňra greklere, ýamanlyk eden her adama muşakgat we gaýgy;
10ýagşylyk eden adama hem, ilki bilen ýehudylara, soňra greklere şöhrat, hormat we parahatlyk berer.
11Sebäbi Hudaýyň ýüz görmesi ýokdur.
12Mukaddes Kanuny bolman günä edenler bikanun hem heläk bolar. Kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler.
13Çünki Hudaýyň huzurynda aklanjaklar kanuny diňleýänler däl-de, kanuny berjaý edýänlerdir.
14Sebäbi kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa, onda bu kanuny ýoklaryň özi bir kanundyr.
15Ynsaplary olar bilen birlikde güwä geçmek, pikirleri öz aralarynda olary kä aýyplap, kä-de ýuwmarlamak bilen, kanuna laýyk işleriň olaryň ýüreginde ýazylgydygyny görkezýändir.
16Meniň Hoş Habaryma görä, Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarjak gününde şu zatlar bolar.
17Ine, sen ýehudy adyny alyp-da, kanuna guwanýan, Hudaýa buýsanýan bolsaň,
18kanundan tälim almak bilen, Onuň islegini bilip, iň ýagşy zatlary saýgarýan bolsaň,
19kanunda bilim we hakykatyň esasyna eýe bolup, körleriň ýol görkezýäni, tümlükdäkileriň yşygy,
20nadanlaryň terbiýeçisi, ýaşy ýetmedikleriň mugallymydygyňa öz ynamyň bar bolsa,
21onda başgasyna tälim berýän sen indi özüňe tälim bermeýärsiňmi? Ogrulyk etmeli däl diýip wagyz edýän sen ogrulyk edýärsiňmi?
22Zyna etmeli däl diýýän sen zyna edýärsiňmi? Butlary ýigrenji saýýan sen ybadathanany ýarýarsyňmy?
23Kanuna buýsanýan sen kanuna garşy çykmak bilen, Hudaýa hormatsyzlyk edýärsiňmi?
24Çünki ýazylyşy ýaly, milletler arasynda Hudaýyň adyna siz zerarly dil ýetirilýär.
25Kanuny berjaý etseň, sünnetlilik peýdalydyr, eger-de kanuna garşy çyksaň, onda sünnetliligiň eýýäm sünnetsizlige öwrülendir.
26Şeýle hem bir sünnetsiz kanunyň adyl hökümlerini saklaýan bolsa, onuň sünnetsizligi sünnetlilik hasaplanmazmy?
27Ten boýunça sünnetsiz bolsa-da, kanuny ýerine ýetirýän adam Ýazga we sünnetlilige eýe bolup, kanuna garşy çykýan seni höküm etmezmi?
28Sebäbi daşy ýehudy entek ýehudy däl, daşy, teni sünnetli hem entek sünnetli däldir,
29diňe içi ýehudy ýehudydyr, ýazgyda däl-de, ýüregiň ruhdaky sünnetliligi hakyky sünnetlilikdir. Munuň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.