Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Şeýlelikde, ýehudynyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetliligiň peýdasy näme?
2Ähli babatda köp. Çünki Hudaýyň sözleri ilki ýehudylara ynanyldy.
3Onda näme? Käbirleri iman etmände, olaryň imansyzlygy Hudaýyň ynamdarlygyny ýok edermi?
4Asla etmez! Ýöne: «Sen Öz sözleriňde dogry çykyp, üstüňden höküm çykarylanda, ýeňer ýaly» diýip ýazylyşy kimin, bütin adamlar ýalançy bolsa-da, Hudaý dogruçyldyr.
5Biziň nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny görkezýän bolsa, onda näme diýeris? Adamlaryň pikir edişine görä aýdýaryn, gazap edýän Hudaý adalatsyzmydyr?
6Ýok! Beýle bolsa, Hudaý dünýäniň üstünden nähili höküm çykaryp biler?
7Sebäbi meniň ýalanym bilen Hudaýyň hakykaty Onuň şöhratyny artdyrýan bolsa, näme üçin ýene men günäli hökmünde höküm edilýärin?
8Käbirleriniň bize töhmet atyp, şeýle gürleýşimizi aýdyşy ýaly, näme üçin: «Ýagşylyk geler ýaly, ýamanlyk edeliň» diýmäli? Olaryň hökümi dogrudyr.
9Indi näme? Biziň artykmaçlygymyz barmy? Asla ýokdur, çünki biz bary günä astyndadyr diýip, öň hem ýehudylary, hem-de grekleri günäkär etdik.
10Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok.
11Düşünýän ýok, Hudaýy agtarýan ýok.
12Hemmesi ýoldan çykdy, olaryň ählisi dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok.
13Olaryň bogazy açyk gabyrdyr. Olar dilleri bilen aldaýarlar, dodaklarynda gömülgeniň zäheri bar.
14Olaryň agzy gargyşdan, ajylykdan doludyr.
15Olaryň aýagy gan dökmäge ýorga.
16Olaryň ugran ugry weýrançylyk bilen zorlukdyr.
17Olar parahatlyk ýoluny bilmediler,
18gözleriniň öňünde Hudaýdan gorkma ýok» diýlip ýazylandyr.
19Ýöne her agyz baglanyp, bütin dünýä Hudaýyň hökümine sezewar bolar ýaly, Mukaddes Kanunyň aýdýanlarynyň baryny kanun astyndakylara aýdýandygyny bilýäris.
20Munuň üçin, Onuň huzurynda hiç kim kanun işlerini etmek bilen aklanmaz, çünki günäni bilmek kanun arkaly döreýändir.
21Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy,
22ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy.
23Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.
24Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar.
25Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin,
26Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi.
27Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen.
28Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris.
29Eýsem, Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy? Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hem Hudaýy.
30Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr.
31Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris.