Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Onda, ten boýunça atamyz bolan Ybraýym näme tapdy diýeli?
2Ybraýym iş bilen aklanan bolsa, onda onuň öwünmäge haky bar, ýöne Hudaýyň öňünde däl.
3Ýazgy näme diýýär? «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy».
4Buýrugy berjaý edene sylag merhemete görä däl, borja görä saýylýandyr.
5Emma buýrugy berjaý etmän, hudaýsyzy aklana iman edeniň imany oňa aklanma saýylýandyr.
6Dawut hem Hudaýyň işine garaman aklan adamynyň bagtyýarlygyndan gürrüň berende şeýle diýýär:
7Kanunsyzlyklary bagyşlananlar, günäleriniň üsti örtülenler nähili bagtly!
8Rebbiň günäli saýmaýan adamy nähili bagtly!»
9Bu bagtlylyk diňe sünnetlilere degişlimi? Ýa sünnetsizlere-de degişlimi? Çünki biz iman Ybraýyma dogrulyk saýyldy diýýäris.
10Eýle bolsa, haçan saýyldy? Sünnetlilikdemi ýa sünnetsizlikde? Sünnetlilikde däl, ol sünnetsizlikde aklandy.
11Ybraýym sünnetsizlikde iman edýänleriň barynyň atasy bolup, olara dogrulyk saýylar ýaly, ol sünnetsizlikdekä özünde bolan iman arkaly gazanan dogrulygynyň möhri hökmünde sünnetlilik tagmasyny aldy.
12Ol diňe bir sünnetli bolanlaryň däl, eýsem, sünnetsizlikdekä atamyz Ybraýymda bolan imanyň yzyna eýerýänleriň hem sünnet atasydyr.
13Çünki dünýä mirasçysy bolmak wadasy Ybraýyma, onuň nesline kanun arkaly däl, eýsem, iman bilen gazanylan dogrulyk arkaly berildi.
14Çünki kanuna daýanýanlar mirasçy bolsa, onda iman boşap, wada ýatyrylandyr.
15Sebäbi kanun gahar getirýändir, kanunyň ýok ýerinde jenaýat hem ýokdur.
16Şeýlelikde, wada merhemete görä bolup, bütin nesil barada, diňe kanuna daýanan däl, eýsem, Ybraýymyň imanyna eýe bolan barada-da ýörgünli bolmagy üçin imandandyr.
17«Seni köp milletleriň atasy etdim» diýip ýazylyşy ýaly, Ybraýym özüniň iman eden Hudaýynyň, ölä jan beren, ýoklary barlyga çagyran Hudaýynyň öňünde biziň hemmämiziň atamyzdyr.
18Ol «Seniň nesliň şeýle bolar» diýip aýdylyşyna görä, umytsyzlykda umyt bilen iman edip, köp milletleriň atasy boldy.
19Ol imanynda gowşaman, tas ýüz ýaşynda bolsa-da, bedeni ölüdir, Saranyň ýatgysy ölüdir öýtmedi.
20Hudaýyň wadasyna imansyzlyk bilen şübhelenmän, gaýtam, Hudaýy şöhratlandyryp imanda güýjedi.
21Onuň beren wadasyny ýerine ýetirmegi başarýanlygyna doly ynandy.
22Şonuň üçin hem imany oňa dogrulyk saýyldy.
23Dogrulyk saýylandygy diňe ol babatda däl,
24eýsem Rebbimiz Isany Direldene iman eden we dogry saýyljaklar bolan biz babatda hem ýazylandyr.
25Isa biziň günä-tagsyrymyz üçin ölüme berlip, biziň aklanmagymyz üçin hem direldildi.